ABŞ-nyň Wekiller öýi Eýrana garşy onlarça ýyllyk sanksiýa kanunyny täzelemek, Siriýanyň prezidenti Başar al-Assadyň goldawçylaryna garşy täze sanksiýa girizmek baradaky iki partiýaly kanun taslamasyny tassyk etdi.
Bu kanun taslamasy 419-1 ses bilen, Tährana garşy ykdysady basyş etmäge, Siriýanyň hökümetiniň goldawçylaryny jezalandyrmaga Kapitol belentliginde giň goldaw barydygyny görkezip,derrew geçirildi.
Bu taslama daşary gatnaşyklar komitetiniň respublikan başlygy Ed Roýsyň, komitetiň baş demokraty, wekil Eliot Engeliň howandarlygynda taýýarlandy.
Eýran sanksiýalaryny giňeltmek akty, Tähran geçen ýylyň ýadro ylalaşygynyň şertlerini ýerine ýetirmedik ýagdaýynda, Birleşen Ştatlaryň Eýrana temmi bermegine ygtyýar berýär.
Siriýa sanksiýalary Assadyň Orsýet, Eýran ýaly esasy goldawçylaryny nyşana alýar.
Мумкин белки мен ялнышяндырын ! Шу ерде бир зат бар :Эрдоган халкына вепалымы я-да Бердимухаммедов алабай итжагагаз бн халкына ,Путинамы? Болмаса Германиядан,Америкадан алсалар говы боларды дийжек болярын ! Бары егы 2-3 млн.халкымыз бар !
Gaty gereksiz hereketler, yokardakylaryn habary yokdugam belli, polisiya mhm isgarleri halka zulum etmekden basga isi yok! Ne diyilyan wahabi bar ne diyilyan dowlet adam ucin duzgunler!