Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan turistler üçin töwekgelçilikli ýurtlaryň sanawyna girdi


 Awaza
Awaza

Halkara SOS we Kontrol Risks, ýagny töwekgelliklere gözegçilik edýän kompaniýanyň ekspertleri dünýäniň interaktiw kartasyny düzüp, syýahatçylaryň ýüzbe-ýüz bolýan töwekgellikleri bilen baglylykda, ýurtlary dürli reňklere boýadylar.

Synçylar syýahatçylara 2017-nji ýylda iň uly howp abanýan ýurtlaryň habaryna Siriýa, Yrak, Owganystan, Demirgazyk Koreýa, Ýemen, Liwiýa, Nigeriýa, Somali, Günorta Sudan ýaly ýurtlary we birnäçe afrikan we latyn amerikan ýurtlaryny goşupdyrlar. Bu ýurtlar kartada gyzyl reňk bilen bellenen.

Syýahatçylara 2017-nji ýylda kiçi bolmadyk howp abanýan ýurtlaryň hataryna Wenezuela, Boliwiýa, Gürjüstan, Azerbaýjan, Özbegistan, Gyrgyzystan, Täjigistan we Türkmenistan ýaly ýurtlar goşulyp, olar mämişi reňk bilen reňklenen.

Syýahatçylara has az howp abanýan ýurtlar sary reňke boýalyp, olary esasan ýewropa ýurtlaryndan, Meksikany hasap etmeseň, Demirgazyk Amerikadan, Ýaponiýadan we Awstraliýadan ybarat.

XS
SM
MD
LG