Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Belarusyň prezidenti 2016-njy ýylda ýurduň GDP-si 2 prosent pese gaçar


Belarusyň prezidenti Alýaksandr Lukaşenka
Belarusyň prezidenti Alýaksandr Lukaşenka

Belarusyň prezidenti 2016-njy ýylda ýurduň Umumy içerki önüminiň ösüşiniň (GDP) 2 prosent pese gaçjakdygyny aýtdy.

Prezident Alýaksandr Lukaşenka 17-nji noýabrda Minskde eden çykyşynda 2017-nji ýylda ýurduň ykdysadyýetiniň ösmegine garaşýandygyny belledi.

Belarusyň Umumy içerki önüminiň ösüşi 2015-nji ýylda 3,9 prosent pese gaçypdy.

Ýewraziýa ösüş banky 2016-njy ýylda Belarusyň GDP-siniň 2,6 prosent, Halkara Walýuta fondy 3 prosent pese gaçmagyna garaşýandyklaryny aýdypdylar.

Şeýle-de, Lukaşenka noýabr aýynyň 22-si töweregi Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin bilen duşuşmagy planlaşdyrýandygyny hem aýtdy. Mundan ozal, Moskwa şu aýyň ahyrlaryna Lukaşenkanyň ýurda sapar etjekdigini mälim edipdi.

XS
SM
MD
LG