Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ban Ki-mun ýadro gepleşiklerine dolanmaga çagyrdy


Birleşen Milletler Guramasynyň baş sekretary Ban Ki-mun
Birleşen Milletler Guramasynyň baş sekretary Ban Ki-mun

Birleşen Milletler Guramasynyň baş sekretary ABŞ we Russiýa ýüzlenip, köpçülikleýin gyryş ýaraglarynyň arsenalyny azaltmak boýunça gepleşiklere dolanmaga çagyrdy.

Ban Ki-mun bu barada Nýu-Ýork uniwersitetinde beren leksiýasynyň dowamynda aýtdy.

“Dünýä boýunça deklarasiýa edilen ýadro ýaraglarynyň 95%-i Russiýa bilen ABŞ-da ýerleşýär. Olar ýadro ýaraglarynyň ähli görnüşleriniň sanyny kemeltmek boýunça gepleşiklere başlamaly” diýip, Ban-Ki mun çykyşynda belledi.

Täze START ylalaşygyna laýyklykda, hem ABŞ hem-de Russiýa 2018-nji ýyla çenli özleriniň ulanyşdaky ýadro ýaraglaryny 1 müň 550-ä çenli kemeltmelidi. ABŞ-nyň arsenaly bu görkezijiden aşakda bolsa-da, käbir ekspertler Russiýanyň bu ugurda tagalla etjekdigine şübheli garaýarlar.

XS
SM
MD
LG