Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Demirgazyk Täjigistanda ýer yrandy


Täjigistan, gar basan köçe
Täjigistan, gar basan köçe

Demirgazyk-gündogar Täjigistanda, Hytaý bilen serhetde 6.5 magnitýudly ýer yranmasy boldy, emma pidalar we ýeten zyýan barada bada-bat habar berilmedi.

ABŞ-nyň Geologiýa gözegçiligi gullugy ýertitremäniň 25-nji noýabrda, Täjigistanyň Hytaýyň günbatar Sinjiaň Uýgur awtonom regiony bilen serhedinde bolandygyny aýdýar.

Şeýle-de sarsgynyň ýüzleý, 12 km çuňlukda bolandygy aýdylýar.

Ýüzleý bolýan sarsgynlar ilatly ýerlerde köp zaýaçylyk döredýär.

XS
SM
MD
LG