Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

CIA resmisi Trampy ‘rus wadalarynda seresaply bolmagy’ duýdurdy


Birleşen Ştatlaryň Merkezi aňtaw gullugynyň (CIA) direktory John Brennan.
Birleşen Ştatlaryň Merkezi aňtaw gullugynyň (CIA) direktory John Brennan.

Birleşen Ştatlaryň Merkezi aňtaw gullugynyň (CIA) direktory Siriýadaky jebir-sütemiň aglabasynda Moskwany aýyplap, ýurduň prezidentligine saýlanan Donald Trampa we täze administrasiýa “Russiýanyň wadalarynda seresaply bolmagy” maslahat berdi.

John Brennan 30-njy noýabrda “BBC” korporasiýasyna beren interwýusynda Siriýanyň prezidenti Başar al-Assadyň esasy ýarany Russiýa Siriýanyň gelejegi babatda möhüm ýeri eýelemegi dowam etdirýär diýdi.

Şeýle-de, Merkezi aňtaw gullugyň direktory Waşington aram pitneçileriň Damaska garşy söweşine goldaw bermegi dowam etdirmelidigine ynanýaryn diýip, olaryň Siriýa, Eýran, Hizballah we Russiýa tarapyndan amala aşyrylýan “hüjümlere” garşy durmagyna ýardam berilmelidigini belledi.

Tramp özüniň prezidentlik kampaniýasynyň dowamynda “Yslam döwleti” atly topara garşy göreşmek ýaly meselelerde Moskwa bilen ýakyndan işleşip biljekdigini aýdypdy.

XS
SM
MD
LG