Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ metjitleriniň birnäçesine ýigrenç hatlary geldi


Miçiganly musulmanlar
Miçiganly musulmanlar

Birleşen Ştatlaryň Kaliforniýadaky, Ohaýadaky we ýene birnäçe ştatyndaky metjitler musulmanlara ýurdy terk etmek ýa-da genoside, gyrgynçylyga uçramak duýduryşyny berýän ýigrenç hatlaryny alýandyklaryny habar berýär.

Polisiýa gelen hatlaryň ählisiniň elde ýazylan we «Şeýtanyň zürýatlaryna» gönükdirilen hatyň fotonusgasydygyny aýdýar.

Amerikan-yslam gatnaşyklary geňeşi, ABŞ-nyň esasy raýat azatlyklary toparlarynyň biri FBI-niň, Federal derňew býurosynyň derňew geçirmegini sorady.

Emma FBI bu haýbatlaryň, öjükdiriji we elhenç bolsa-da, häzirki pursatda derňew geçirer ýaly anyk wehim salmaýandygyny aýtdy.

Ol hatlarda, beýleki zatlaryň arasynda, saýlanan prezident Donald Trampyň musulmanlara Hitleriň ýewreýlere eden zadyny etjekdigi aýdylýar.

Birleşen Ştatlaryň polisiýasy soňky hepdeler ýurtda ýigrenç jenaýatlarynyň we jynsy esasdaky süýkenmeleriň artandygyny habar berdi.

XS
SM
MD
LG