Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Tramp Pakistany ‘ajaýyp ýurt diýip häsiýetlendirdi’


Pakistanyň premýer-ministri Nawaz Şarif we Birleşen Ştatlaryň täze saýlanan prezidenti Donald Tramp.

Pakistanyň premýer-ministri Nawaz Şarifiň edarasy Donald Tramp bilen geçirilen telefon gepleşige salgylanyp, Birleşen Ştatlaryň täze saýlanan prezidentiniň ýadro ýaragyna eýe Pakistany “ajaýyp ýurt” we onuň premýer-ministrini “örän gowy ýigit” diýip häsiýetlendirdi diýdi.

Trampyň geçiş topary bolsa, 30-njy noýabrda telefon arkaly geçirilen gürrüňdeşlikleri has sypaýyçylykly beýan edip, onda iki ýurduň “gelejekde güýçli iş gatnaşyklarynyň boljakdygy barada öndümli gepleşikleriň geçirilendigini” mälim etdi.

Şeýle-de, Trampyň topary täze saýlanan prezidentiň Şarif bilen “uzak dowam etjek we güýçli şahsy gatnaşyklaryň bolmagyny isleýändigini” aýtdy.

Trampyň geçiş topary Pakistanyň görkezýän maglumatynyň asyl nusgadygyny tassyk etmedi.

XS
SM
MD
LG