Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Hytaý Trampyň Taýwan lideri bilen gürleşeni üçin ABŞ-a protest bildiýär


Donald Tramp
Donald Tramp

Saýlanan prezident Donald Tramp ABŞ-nyň kyrk ýyllyk diplomatiýa syýasatyny bozup, Taýwanyň prezidenti bilen telefonda gepleşeninden soň, Hytaý diplomatik protest bildirdi.

Pekin 3-nji dekabrda Waşingtony özüniň bir Hytaý syýasatyny saklamaga hem-de ikitaraplaýyn gatnaşyklary bozmakdan gaça durmaga çagyrandygyny aýtdy.

Hytaý mediasy ýurduň daşary işler ministri Wang Ýiýe salgylanyp, onuň «Bu diňe Taýwanyň kiçijik hilegärligi» diýendigini aýtdy. Şeýle-de WangABŞ-nyň syýasat üýtgetmesini yşarat edýändigine ynanmaýar.

“Bir Hytaý syýasaty Hytaý-ABŞ gatnaşyklaryny sagdyn ösdürmegiň esasy bolup durýar we biz syýasy binýada gatyşylmajagyna we oňa zyýan ýetmejegine umyt baglaýarys» diýip, Wang aýtdy.

Trampyň geçiş topary 2-nji dekabrda Taýwanyň lideri Tsai Ing-weniň Trampy prezident saýlanmagy bilen gutlandygyny aýtdy.

Bu iki lider"Taýwan bilen ABŞ-nyň arasynda ýakyn ykdysady, syýasy we howpsuzlyk gatnaşyklarynyň bardygyny bellediler" diýip» beýanatda aýdylýar.

Tramp biraz soň twitterde Taýwanyň lideriniň özüniň telefon edendigini aýtdy.

XS
SM
MD
LG