Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýran: Babak Zanjanä berlen jezas güýjünde galdy


Babak Zanjani

Eýranyň Ýokary sudy milliarder biznesmen Babak Zanjanä berlen ölüm jezasyny güýjünde galdyrdy.

Ol mart aýynda, uly möçberdäki ogurlyk üçin, ölüme höküm edilipdi. Ýokary sud 3-nji dekabrda öz kararyny yglan etmek bilen, bu jenaýat işi bilen baglylykda beýleki iki aýyplanýanyň ölüm jezasynyňýatyrylandygyny aýtdy.

Eýranyň iň baý adamlarynyň biri bolan Zanjani 2013-nji ýylda tutuldy we ozalky prezident Mahmud Ahmedinejadyň adminstrasiýasy mahalynda galplaşdyrylan nebit söwdasy arkaly hökümetden 2 milliard dollardan gowrak serişde ogurlamakda aýyplandy.

Zanjani höküminiň tankytçylary, şol sanda prezident Hassan Rohani oňa ölüm jezasynyň berilmegi ýitirilen pullary tapmagyň, bu iş bilen bagly beýleki jenaýatçylary jogapkärçilige çekmegiň öňüni ýapjagyny aýdýarlar.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG