Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Siriýa: hökümet güýçleri Alepponyň Tarik al-Bab etrabyny ele geçirdi


Siriýanyň hökümet güýçleri
Siriýanyň hökümet güýçleri

Siriýanyň hökümet güýçleri we olaryň ýaranlary gündogar Alepponyň Tarik al-Bab etrabyny ele geçirdiler diýip, Siriýanyň Adam hukuklary obserwatoriýasy Londondan habar berdi.

3-nji dekabrdaky ilerleme hökümetiň gündogar Alepponyň 60 prosentini hökümete garşy güýçlerden yzyna alandygyny we şäheriň hökümet kontrolyndaky günbatar bölegi hem-de Aleppo aerporty bilen aralykdaky esasy ýola gözegçiligi dikeldendigini aňladýar.

Şu aralykda, Orsýetiň Goranmak ministrliginiň sözçüsi Igor Konaşenko 3-nji dekabrda Moskwada çykyş edip, Angliýany gabalan şäherdäki asuda adamlara bir gram un, bir tabletka derman ýa-da bir ýorgan hem kömek bermezlikde aýyplady.

Britan hökümetiniň websaýtynda aýdylmagyna görä, Angliýa 2012-nji ýyldan bäri Siriýadaky krizise ýardam üçin tas 3 milliard dollara durýan kömek iberipdir.

XS
SM
MD
LG