Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Nefteýugansk ýol heläkçiliginden soň, üç günlük ýas yglan etdi


Russiýanyň Sibir sebitinde bolan awtobus çaknyşygy.

Russiýanyň Nefteýugansk şäheriniň häkimiýetleri 12 adamyň, şol sanda çagalaryň akrobatika toparynyň 10 agzasynyň ölümine sebäp bolan ýol heläkçiliginden soň, 5-nji dekabrda üç günlük ýas yglan etdiler.

Polisiýanyň aýtmagyna görä, 4-nji dekabrda ýurduň demirgazyk-günbataryndaky Sibir sebitinde ýük ulagy we başga-da iki ulag bilen çaknyşan awtobusda 34 ýolagçy, şol sanda 27 çaga bardy.

Şeýle-de, polisiýa bu wakada başga-da azyndan 19 adamyň ýaralanandygyny belledi.

Ýol heläkçiliginiň bolan mahaly, çagalar Hanty-Mansisk şäherindäki bäsleşikden soň, Nefteýuganska dolanýardylar.

Russiýanyň Derňew komiteti “ençeme adamyň ölümine sebäp bolan ýol hereketiniň kadalaryny bozmakda” güman edilip, derňewleriň başladylandygyny aýtdy.

4-nji dekabrda Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin wakada pida bolanlaryň maşgalalaryna öz gynanjyny mälim etdi.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG