Özbegistan dünýäniň 27 ýurdunyň raýatlaryna wizasyz syýahat etmek düzgünini girizdi.
Özbegistanyň täze saýlanan prezidenti Şawkat Mirziýaýew bu baradaky karara 6-njy dekabrda gol goýdy.
Bu karara laýyklykda, Awstraliýanyň, Awstriýanyň, Britaniýanyň, Germaniýanyň, Ispaniýanyň, Italiýanyň, Kanadanyň, Lýuksemburgyň, Niderlandlaryň, Günorta Koreýanyň, Singapuryň, Finlandiýanyň, Şweýsariýanyň we Ýaponiýanyň raýatlary syýahatçylyk maksatlary bilen Özbegistana wizasyz gelip, 30 gün galyp bilýär.
Şeýle-de, bu kararda Birleşen Ştatlaryň, Belgiýanyň, Fransiýanyň, Polşanyň, Çehiýa respublikasynyň, Wengriýanyň, Portugaliýanyň, Indoneziýanyň, Hytaýyň, Malaýziýanyň, Wietnamyň we Ysraýylyň 55 we ondan ýokary ýaşdaky raýatlarynyň syýahatçylyk maksatlary bilen Özbegistana gelip, 30 gün galyp biljekdigi nygtalýar.
Dünýäniň 27 ýurdundan gelen syýahatçylar Özbegistana gelende, 50 amerikan dollary möçberindäki ýurda giriş tölegini tölärler. Bu karar 2017-nji ýylyň 1-nji aprelinden güýje girýär.
Эгер Бердимухаммедов хакыкатдан хем халкынын аладасыны эдйан президент болса , спутник вакцинасыны озлери алмалы ,ягны халкы ынандырмалы хакыкатданам шу вакцинанын хич хили побочный явлениесинин ве противопоказаниесинин екдыгыны субут этмели. Йоне Озлерине витамин урдырып вакцина урдыран ялы болманы ,инуграция доврундаки дунйан онунде эден касамыны , хемде берен вадаларыны ятлап ! Ондан башга-да Германиядан , Америкадан ве Хытайдан гошмача вакцина алмалы мейлетинлер учин ! Дунйаде дине Путин ве Кремльин олигархларындан башга-да адамлар яшаяндыгыны унутмалы дал . Достлыкдан чыкян тебигы байлыкларымызам шолара багыш эдйарлер .Венесуэлин ролыны инди Путин Туркменистанда ойнап , берилен санкциялара гаршы резервлерини беркитйармыка?