Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ÝHHG-niň daşary işler ministrleri Hamburgda duşuşýar


ÝHHG-niň daşary işler ministrleriniň ýyllyk duşuşygy, Hamburg, 8-nji dekabr, 2016.

Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ÝHHG) daşary işler ministrleriniň Germaniýanyň Hamburg şäherinde geçirýän ýyllyk duşuşygynda Ukrainadaky we Siriýadaky krizisleriň maslahat edilmegine garaşylýar.

Iki günlük duşuşygyň öňýanynda Germaniýanyň daşary işler ministri Frank-Walter Steinmeier Orsýeti Ýewropada dartgynlylygy gowşatmaga we Siriýada “ok atyşygy gyssagly bes etmäge” çagyrdy.

Steinmeieriň edarasy onuň bu çykyşyny 7-nji dekabrda Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrow bilen duşuşygynda edendigini aýtdy.

Şeýle-de Lawrow Hamburgda ABŞ-nyň döwlet sekretary John Kerry bilen duşuşdy. Lawrowyň bu gepleşiklerde “Aleppodaky iňňän aýylganç ýagdaýy” maslahat edendigi habar berildi.

Orsýetiň Günbatar bilen gatnaşyklarynyň dartgynlaşmagyna Moskwanyň Siriýada amala aşyrýan howa hüjümleri we prezident Başar al-Assadyň hökümetine berýän beýleki ýardamy goşant goşdy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG