Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kadyrow: Çeçen goşunlary Siriýada söweşmäge taýýar


Russiýanyň Çeçenistan regionynyň lideri Ramzan Kadyrow.

Russiýanyň Çeçenistan regionynyň lideri Ramzan Kadyrow eger prezident Wladimir Putin islese, onda ýurduň goşunynyň Siriýada söweşmekden hoşal boljakdygyny aýtdy.

Kadyrow Çeçenistanyň harby polisiýasynyň iki batalýonynyň rus howa bazasyny goramak üçin Siriýa gitmäge taýýarlyk görýändigi barada rus media serişdeleriniň öňe sürmelerine reaksiýa bildirdi.

Kadyrow bu habarlaryň dogrudygyny ýa-da däldigini anyklaşdyrmady, emma Instagram sosial ulgamynda ýazan maglumatynda Çeçenistandaky goşunyň Siriýa gitmekden hoşal boljakdygyny aýtdy. Şeýle-de, ol “halkara terrorizmine” garşy göreşe özüniň hem höwes bilen goşulyp biljekdigini belledi.

“Men nejis adamlara garşy göreşmek üçin Putiniň buýrugy esasynda tizde-tiz Siriýa gitmekden hoşal we buýsançly bolaryn” diýip, Kadyrow aýtdy.

Russiýa 2015-nji ýylyň sentýabr aýyndan bäri prezident Başar al-Assada goldaw bermek üçin Siriýada howa kampaniýasyny dowam etdirýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG