Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ-nyň goranmak sekretary Kabula bardy


Birleşen Ştatlaryň Goranmak sekretary Aş Karter (Ash Carter)
Birleşen Ştatlaryň Goranmak sekretary Aş Karter (Ash Carter)

Birleşen Ştatlaryň Goranmak sekretary Aş Karter (Ash Carter) Owganystandaky amerikan goşunyny görmek üçin 9-njy dekabrda Kabula bardy.

Karteriň owgan paýtagtyna edýän bu saparynyň dowamynda prezident Aşraf Gani bilen hem duşuşmagyna garaşylýar.

Öňümizdäki aý Birleşen Ştatlaryň täze administrasiýasy wezipä girişmezden ozal, bu Karteriň ABŞ-nyň goranmak sekretary hökmünde Owganystana edýän iň soňky sapary ýaly bolup görünýär.

Karteriň metbugat wekili Peter Kukyň (Peter Cook) žurnalistlere beren maglumatyna görä, goranmak sekretary owgan güýçleriniň “artýan ukyplaryny we owgan uruş potensialyny, şol sanda awiasiýany güýçlendirmegi dowam etdirmek barada alnyp barylýan tagallalary” maslahat etmek isleýär.

Birleşen Ştatlaryň owgan howpsuzlyk güýçlerine tälim we goldaw bermek maksady bilen Owganystanda 10,000 çemesi goşuny bar.

XS
SM
MD
LG