Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Rus howa zarbalary YD söweşijilerini Palmyradan çykardy


Siriýa. Rus uçary Tupolew Tu-22M3

Siriýaly aktiwistler rus howa zarbalarynyň «Yslam döwleti» toparynyň söweşijilerini 11-nji dekabrda Palmyranyň merkezinden çykmaga mejbur edendigini aýdýarlar.

Düýbi Britaniýada ýerleşýän Adam hukuklary obserwatoriýasy indi jeňçiler 10-njy dekabr güni giçlik zabt edip giren merkezi şäheriniň eteklerinde söweşýär diýdi.

"Siriýanyň hökümet goşunlar öten agşam Palmyra edilen terror hüjümleriniň hemmesini yzyna serpikdirdi, bu rus howa zarbalarynyň aktiw kömegi esasynda mümkin boldy» diýip, Orsýetiň Goranmak ministrligi aýtdy.

Rus uçarlary operasiýa mahalynda 64 zarba urup, 300-den gowrak jeňçini öldürdi, 11 tanky we bronly tehnikany, agyr ýaraglary göterýän 31 maşyny hatardan çykardy diýip, ministrligiň maglumatynda aýdylýar.

YD ÝUNESKO-nyň dünýä mirasyna giren Palmyrany 2015-nji ýylyň maýyndan şu ýylyň martyna çenli, ol ýerden gysylyp çykarylýança elde saklady.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG