Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Pakistanyň howaýollary kompaniýasy 10 uçaryny ulanyşdan aýyrdy


Pakistanyň howpsuzlyk resmisi uçar heläkçiliginde ölen adamlaryň tabytlaryna garawullyk edýär. 8-nji dekabr, 2016 ý.

Pakistanyň Milli howaýollary kompaniýasy geçen hepde 47 adamyň ölümine sebäp bolan uçar heläkçiliginden we başga-da bir uçarda tehniki problemalaryň bolandygy barada habar berlenden soň, özüniň “ATR” kysymly 10 uçaryny uçuşdan aýyrýandygyny aýtdy.

Pakistanyň Halkara howaýollary kompaniýasynyň 12-nji dekabrda beren maglumatyna görä, “ATR” kysymly 10 uçar “hemmetaraplaýyn barlaglardan doly geçýänçä” uçuşdan mahrum edildi.

Pakistanyň howaýollary kompaniýasyna degişli “ATR-42” kysymly uçar 7-nji dekabrda ýurduň demirgazygyndaky Çitral şäherinden Yslamabada uçýan mahaly, daglyk sebitde heläkçilige uçrady. Şonda uçardaky ýolagçylaryň we ekipaž agzalarynyň ählisi heläk boldy.

Pakistanyň häkimiýetleri bu uçar heläkçiliginiň sebäplerini derňeýärler. Howaýollary kompaniýasy uçardaky iki turbowintli dwigateliň, ýagny hereketlendirijiniň biriniň sandan çykandygyny aýtdy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG