Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Pakistan: Uçar heläkçiliginden soň, howaýollary kompaniýanyň başlygy wezipesinden çekildi


Pakistanda heläkçilige uçran “ATR-42” kysymly uçar. 8-nji dekabr, 2016 ý.
Pakistanda heläkçilige uçran “ATR-42” kysymly uçar. 8-nji dekabr, 2016 ý.

Pakistanyň Milli howaýollary kompaniýasynyň ýolbaşçysy wezipesinden çekildi. Pakistanyň halkara howaýollary kompaniýasynyň beren bu maglumaty, ýurtda 47 adamyň ölümine sebäp bolan uçar heläkçiliginden tas bir hepde soňa gabat geldi.

Pakistanyň halkara howaýollary kompaniýasynyň metbugat wekili 13-nji dekabrda beren maglumatynda Azam Saigolyň “öz şahsy ýagdaýlary sebäpli” wezipesinden çekilendigini aýtdy.

Pakistanyň howaýollary kompaniýasyna degişli “ATR-42” kysymly uçar 7-nji dekabrda ýurduň demirgazygyndaky Çitral şäherinden Yslamabada uçýan mahaly, daglyk sebitde heläkçilige uçrady. Şonda uçardaky ýolagçylaryň we ekipaž agzalarynyň ählisi heläk boldy.

Pakistanyň häkimiýetleri bu uçar heläkçiliginiň sebäplerini derňeýärler.

11-nji dekabrda Multan şäherinde “ATR-42” kysymly ýene bir uçar uçuşa taýýarlanan mahaly, “tehniki problemalar” bilen ýüzbe-ýüz boldy diýip, Pakistanyň halkara howaýollary kompaniýasy aýtdy.

12-nji dekabrda Pakistanyň Milli howaýollary kompaniýasy özüniň “ATR” kysymly 10 uçaryny uçuşdan aýyrandygyny mälim etdi. Bu kompaniýa gürrüňi edilýän uçarlar “hemmetaraplaýyn barlaglardan doly geçýänçä” uçuşdan mahrum edildi diýdi.

XS
SM
MD
LG