Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Nemes eksperti: Nazarbaýewiň öňki giýewsiniň öldürilendigine ynanýar


Awstriýanyň türmesinde öli tapylan gazak prezidenti Nursultan Nazarbaýewiň öňki giýewsi Rahat Aliýew.

Germaniýaly ekspert geçen ýyl Awstriýanyň türmesinde öli tapylan gazak prezidenti Nursultan Nazarbaýewiň öňki giýewsi Rahat Aliýewiň öldürilendigine ynanýandygyny aýdýar.

Demikmeden heläk bolan adamlaryň jesetlerini öwrenýän nemes fizigi Bernd Brinkmann 12-nji dekabrda beren maglumatynda Aliýewiň özüni asandygy barada derňew netijeleriniň ýalňyşdygyna ynanýandygyny belledi.

Awstriýanyň paýtagty Wenada geçirilen metbugat konferensiýasynda Brinkmann bilen bilelikde çykyş eden Aliýewiň aýalynyň aklawçylary derňewleriň gaýtadan geçirilmegini isleýändiklerini aýtdylar.

Aliýew Gazagystanyň Awstriýadaky öňki ilçisidi we Döwlet howpsuzlyk gullugynyň başlygynyň orunbasarydy. Ol Nazarbaýewiň aç-açan tankytçysyna öwrülenden soň, 2007-nji ýylda iki gazak bankirini öldürmekde aýyplandy.

Aliýew bu aýyplamany ret edip, onuň syýasy maksatlydygyny aýdypdy.

Awstriýanyň häkimiýetleri Aliýewiň Gazagystanda adalatly sud edilmezliginden howatyrlanma bildirip, ony Astana ekstradisiýa etmekden iki gezek ýüz öwüripdiler.

Şondan soň, 2011-nji ýylda Awstriýa özbaşdak sud işini gozgap, Aliýewi adam öldürmekde aýyplap, 2014-nji ýylda onuň garşysyna karar çykarypdy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG