Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Nazarbaýew, Netanýahu hyzmatdaşlyk barada gepleşdi


Astana, prezident Nursoltan Nazarbaýew Ysraýylyň premýer-ministri Benýamin Netanýahu bilen.
Astana, prezident Nursoltan Nazarbaýew Ysraýylyň premýer-ministri Benýamin Netanýahu bilen.

Gazak prezidenti Nursoltan Nazarbaýew 14-nji dekabrda Astanada Ysraýylyň sapara gelen premýer-ministri Benýamin Netanýahu bilen gepleşik geçirdi.

Biz ykdysady, saglygy saklaýyş we söwda hyzmatdaşlygy, özara inwestisiýa we terrorçylyga garşy bilelikde göreşmek barada maslahat etdik diýip, Nazarbaýew gepleşiklerden soň aýtdy.

Gepleşiklerden soň wizasyz syýahat, uçar gatnawy, oba hojalygy, korrupsiýa garşy tagallalar we beýleki meseleler boýunça birnäçe dokumente gol çekildi.

Netanýahu we Nazarbaýew gazak-ysraýyl biznes forumyna hem gatnaşýar.

Netanýahu Gazagystana premýer-ministr hökmünde ilkinji gezek sapar edýär we ol bu ýere Azerbaýjandan, prezident Ylham Alyýew bilen gepleşik geçireninden soň geldi.

XS
SM
MD
LG