Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Astanada özüni otlan protestçi aýal hassahanada ýogaldy


Maýra Rysmanowanyň gyzy Altynaý Akhmetova.

Oglunyň neşe aýyplamalary esasynda türmä basylmagyna garşy protest bildirip, özüni otlan gazak aýaly hassahanada ýogaldy.

Maýra Rysmanowanyň garyndaşlary onuň Astanadaky klinikada, 14-nji dekabr güni irden jan berendigini aýtdylar.

Rysmanowa 6-njy dekabrda Gazagystanda, Baş prokuraturanyň edarasynyň öňünde üstünden benzin guýup, özüni otlady.

Rysmanowanyň ogly bikanun neşe saklamakda günäli bilnip, 2015-nji ýylda 4 ýarym ýyl türme tussaglygyna höküm edildi.

Rysmanowanyň gyzy Akmaral Ahmetowa 14-nji dekabrda Baş prokuraturanyň öňünde protest bildirip, adalat talap etdi.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG