Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Günbatar hökümetleri Abdul Raşid Dostumyň derňelmegine çagyrýar


Dostumyň sport çäresi mahalynda Işçini urandygy aýdylýar.

Günbatar hökümetleri Owganystanyň birinji wise-prezidenti Abdul Raşid Dostumyň syýasy garşydaşyny urandygy we ogurladandygy barada aýdylýanlaryň derňelmegine çagyrýar.

Ahmad Işçi özüniň bikanun tussag edilendigini we Dostumyň häkimiýeti astynda hereket edýän howpsuzlyk resmileri tarapyndan gazaply basgylanandygyny aýdýar.

Dostumyň geçen aý bolan sport çäresi mahalynda Işçini urandygy we öz adamlaryna ony tussag etmegi buýrandygy aýdylýar. Işçi 13-nji dekabrda tussaglykdan boşadyldy.

Dostum onuň aýdýanlaryny ret edýär. Emma Birleşen Ştatlar, Angliýa, Ýewropa Bileleşigi we beýleki günbatar döwletleri bu işiň doly derňelmegini talap etdiler.

"Bikanun tussag etmek we aýdylýan ýowuz çemeleşme... çynlakaý aladalary döredýär» diýip, ABŞ-nyň ilçihanasy aýtdy we owgan hökümetini bu işi doly derňemäge çagyrdy.

Awstraliýa, Kanada we Norwegiýa hem aýdylýan hukuk bozmalaryň adalatly derňelmegine çagyrdy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG