Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Almaty: Studentlere "biwagt kanikul" berilýär


Fransuz suratçysy Frankk Wogel gazak studentleri bilen, Almaty. 2015

Gazagystanyň iň uly şäheri Almatydaky esasy uniwersitetleriň studentleri özlerine 16-njy dekabrda bellenilýän garaşsyzlyk baýramyndan öň kanikula gitmeli diýlendigini aýdýarlar.

Azat Ýewropa/Azatlyk radiosy bilen söhbetdeş bolan studentler häkimiýetleriň özlerinden ýadogduk şäherlerine gitmegi, ýa-da9-njy dekabrdan 19-njy dekabra çenli aralykda şäheriň merkezi meýdançasyndan uzakda durmagy talap edendiklerini aýtdylar.

Almatyda galýan studentlere bolsa, umumy ýatak jaýlaryndan çykman, dekabryň aýagynda boljak ekzamenlere taýýrlanmak tabşyrylypdyr.

Bu barada habar beren studentler, temmi berilmeginden gorkup,öz atlarynyň aýdylmagyny islemediler.

Olara bu garaşylmadyk kanikulyň sebäbi düşündirilmändir.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG