Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

ÝB liderleri sammitde Ukrainany, Siriýany we ‘Breksiti’ maslahat ederler


Ukrainanyň prezidentiniň edarasynyň öňünde ukrain we Ýewropa Bileleşiginiň baýdaklary galgaýar. Kiýew.

15-nji dekabrda Ýewropa Bileleşigine agza ýurtlaryň liderleri şu ýyl ÝB-niň ýüzbe-ýüz bolýan krizisleriniň käbirlerini maslahat etmek üçin bir günlük sammitde duşuşýarlar.

Ýewropa Bileleşiginiň döwlet we hökümet ýolbaşçylarynyň Ukrainadaky konflikt bilen baglanyşykly Moskwa garşy girizilen sanksiýalaryň möhletini ýene alty aýa çenli uzaltmagyna garaşylýar.

Şeýle-de, olaryň ÝB bilen Ukrainanyň arasyndaky syýasy we söwda gatnaşyklary baradaky ylalaşyk dogrusynda hem maslahatlary geçirmegine garaşylýar.

Siriýa babatda aýdylanda, ÝB liderleriniň Damask režimi we onuň ýaranlary tarapyndan Alepponyň gündogaryna amala aşyrylan hüjümleri berk ýazgarmagyna garaşylýar.

Şol bir wagtda, bu duşuşygyň dowamynda ÝB liderleriniň resmi däl agşamlyk iş naharyny edinmegine garaşylýar. Britan premýer-ministri Teresa Maýsyz (Theresa May) geçiriljek bu duşuşykda liderler Britaniýanyň ÝB-den çykyşynyň nädip hötdesinden gelmek barada maslahat ederler.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG