Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Russiýa-Ýaponiýa: Dawaly adalar barada uly öňegidişlik gazanylmady


Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin we Ýaponiýanyň premýer-ministri Şinzo Abe
Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin we Ýaponiýanyň premýer-ministri Şinzo Abe

Russiýanyň prezidenti Wladimir Putiniň Ýaponiýa eden saparynyň dowamynda - iki ýurt tarapyndan hem özüniňkidigi öňe sürülýän – dört adany ykdysady taýdan bilelikde ösdürmek barada gepleşikleri geçirmek hakda ylalaşyga gelindi. Emma Ikinji Jahan urşundan bäri dowam edýän bu territorial dawa barada uly öňegidişlik gazanylmady.

Ýapon premýer-ministri Şinzo Abe Putin bilen geçiren iki günlük gepleşiklerinden soň, 16-njy dekabrda dört adany bilelikde ösdürmek barada gepleşikleri geçirmek hakda gelnen ylalaşygy mälim etdi.

Putin we Abe Russiýa tarapyndan Günorta Kuriller we Ýaponiýa tarapyndan Demirgazyk territoriýalar diýlip atlandyrylýan adalary bilelikde ösdürmek parahatçylyk ylalaşygyna tarap ädilen möhüm ädim bolar diýdiler.

XS
SM
MD
LG