Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aleppo: Ewakuasiýa barada ylalaşyga gelnendigi aýdylýar


Ýaşaýjylar Aleppodan çykarylýar, 16-njy dekabr, 2016.

Aleppo şäherinden raýatlary we gozgalaňçylary çykarmak boýunça togtan işleri gaýtadan dikeltmek boýunça täze ylalaşyga gelindi, diýip Siriýanyň gozgalaňçy resmileri 17-nji dekabrda “Al-Arabiýa” täzelikler neşrine habar berdiler.

Al-Farouk Abu Bakryň Aleppoda eden çykyşynda aýtmagyna görä, täze ylalaşykda gozgalaňçylaryň gabawyndaky iki sany şaýy obasyndan we Liwan bilen serhediň golaýynda hökümet güýçleriniň gabawyndaky iki şäherden ýaralanan adamlary çykarmak we Aleppo şäheriniň gozgalaňçylaryň elindäki gündogar böleginiň doly ewakuasiýasyny amala aşyrmak göz öňünde tutulýar.

Reuters täzelikler agentligi Siriýanyň ady agzalmadyk hökümet çeşmesini sitirläp, ewakuasiýany dowam etdirmek barada ylalaşyga gelnendigini habar berdi.

17-nji dekabrda irden Siriýanyň döwlet telewideniýesi agzalan şäherlerden adamlary çykarmak işiniň togtadylandygyny, sebäbi gozgalaňçylaryň şaýylaryň gabawdaky Foua we Kfarýa obalarynyň ýaşaýjylarynyň hökümetiň gözegçiligindäki ýerlere goýbermegine garaşylýandygyny habar beripdi.

Siriýanyň oppozisiýasynyň düýbi Britaniýada ýerleşýän Siriýada adam hukuklarynyň gözegçisi atly guramasy 4000 çemesi adamyň obalardan ewakuasiýa edilmeginiň 17-nji dekabrda dikeldilip bilinjekdigini aýtdy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG