Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Pentagon Hytaýyň suwasty drony gaýtarmaga razy bolandygyny aýdýar


ABŞ-nyň saýlanan prezidenti Donald Tramp

Pentagon Hytaýyň ABŞ-nyň harby-deňiz güýçleriniň Günorta Hytaý deňzindäki suwasty dronyny ele geçirendigini aýdýar.

Birleşen Ştatlar at berilmedik suwasty maşynyň halkara suwlarynda ylmy barlaglary geçirmek üçin ulanylandygyny aýtdy we haçanda 16-njy dekabrda tutulyp saklananda, onuň derhal yzyna berilmegini talap etdi.

Emma Pentagonyň sözçüsi Piter Kuk 17-nji dekabrda Hytaý bilen gürleşilendigini we Pekiniň bugämini yzyna berjekdigini aýtdy.

Hytaýyň Goranmak ministrligi bu dronyň «degişli tertipde» yzyna beriljekdigini aýtdy we Birleşen Ştatlary bu hadysany “çişirmekde» aýyplady.

Şu aralykda saýlanan prezident Donald Tramp Hytaýyň harby deňiz güýçlerini bu drony ogurlamakda aýyplady.

«Hytaý Birleşen Ştatlaryň halkara suwlaryndaky barlagçy dronyny ogurlaýar, ony suwdan çykarýar we Hytaýa alyp gidýär, bu görülmedik hereket" diýip, Tramp twitterde aýtdy. «Biz Hytaýa onuň ogurlan dronyny yzyna almak islemeýändigimizi, olaryň muny özlerinde galdyryp biljekdigini aýtmaly» diýip, saýlanan prezident twitterdäki sözüniň üstüni ýetirdi.

Bu dawa Waşington bilen Pekiniň arasynda Hytaýyň Günorta Hytaý deňzindäki harby güýçlerini ýaýbaňlandyrmagy bilen dörän dartgynlylygyň üstüne urna boldy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG