Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ýemen: Janyndan geçen bombaçy 48 esgeri öldürdi 


Ýemendaki saud esgerleri

Ýemeniň günortadaky port şäheri Adende janyndan geçen bombaçy özüni partladyp, azyndan 48 esgeri öldürdi, ýene bir toparyny bolsa ýaralady.

Resmiler 18-nji dekabrdaky hüjümiň Al-Sawlaban harby bazasynyň ýanynda aýlyklaryny almak üçin toplanan harby gullukçylary nyşana alandygyny aýtdylar.

Hüjümiň jogapkärçiligini "Yslam döwleti" ekstremist topary öz üstüne aldy. Bu bazada 8 gün ozal bolan hüjümiň jogapkärçiligini «Yslam döwleti» topary öz üstüne alypdy, şonda 48 esger öldürilipdi.

Aden prezident Abu-Rabbu Mansur Hadiniň halkara derejesinde ykrar edilýän hökümetine ygrarly fraksiýalaryň kontrollygynda ýerleşýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG