Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Owganystan: Ýol hadysalarynda 18 adam öldi


Kabul-Kandahar ýolunda bolan hadysa, 8-nji maý, 2016
Kabul-Kandahar ýolunda bolan hadysa, 8-nji maý, 2016

Günbatar Owganystanda bolan ýol hadysasynda, uly ýolda ýolagçy awtobusy bilen ýük maşynynyň çakyşmagy netijesinde azyndan 14 adam öldi.

Resmiler Hyratdan Kabula gelýän awtobusyň 18-nji dekabrda, Frah welaýatynyň Gülistan etrabynda heläkçilige uçrandygyny aýtdylar.

Welaýat gubernatorynyň sözçüsi Mohammad Naser Mehri ýaraly bolanlaryň ondan gowragynyň agyr ýagdaýdadygyny aýtdy.

Owganystanyň Nirmroz welaýatynda agdarylan awtobusda bolsa, 4 adamyň ölendigi, 30-dan gowrak adamyň bolsa ýaraly bolandygy aýdylýar. Bu hadysa 17-nji dekabrda, welaýatyň paýtagty Çakhansurlda boldy.

XS
SM
MD
LG