Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ-nyň NATO-daky ilçisi Moskwanyň ‘ýaramaz niýetli täsir etmesi’ barada duýdurdy


Birleşen Ştatlaryň NATO-daky ilçisi Douglas Lute.

Birleşen Ştatlaryň NATO-daky ilçisi Moskwanyň NATO döwletleriniň içerki işlerine, onuň sözlerine görä, “ýaramaz niýetli täsir etmek” meselesi barada bu ýaranlygyň wekilleri özleriniň rus kärdeşi bilen 19-njy dekabrda Brýusselde duşuşan mahaly gozgamagy mümkin diýdi.

Douglas Lute “ABC News” neşirine beren interwýusynda Amerikanyň syýasy guramalaryny, şol sanda Demokratik partiýanyň Milli komitetini nyşana alýan kiber hüjümler NATO-Russiýa Geňeşi ýygnagynyň “gün tertibiniň esasy punkty däl” diýdi. Waşington Russiýany agzalýan kiber hüjümlere ýolbaşçylyk etmekde aýyplaýar.

“Men biziň rus kärdeşimiz bilen geçirjek duşuşygymyzda ýaranlygyň birden köp agzasynyň diňe Birleşen Ştatlarda görülmedik, eýsem, ýaranlygyň beýleki demokratik döwletlerinde hem duş gelnen ýaramaz niýetli täsir etmek meselesini gozgajakdygyna ynanýaryn” diýip, Lute 18-nji dekabrda köpçülige ýaýradylan interwýusynda aýtdy.

Russiýanyň NATO-daky iň ýokary derejeli diplomatyny we ýaranlyga agza beýleki ýurtlaryň ilçilerini bir ýere jemlejek duşuşyk, Birleşen Ştatlaryň prezident saýlawlaryna täsir ýetirmek maksady bilen rus kiber hüjüminiň bolan bolmagynyň ähtimallygyny derňemek üçin Waşingtona edilen çagyryşlaryň yz ýanyna gabat geldi.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG