Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Hasabat: 2016-njy ýylda žurnalistleri öldürmek rekord derejede pese gaçdy


Ukrainanyň Kiýew şäherinde öldürilen žurnalist Pawel Şeremetiň tabydyny göterip barýan adamlar.
Ukrainanyň Kiýew şäherinde öldürilen žurnalist Pawel Şeremetiň tabydyny göterip barýan adamlar.

Metbugat azatlygyny gorap çykyş edýän halkara topar 2016-njy ýylda öz işi bilen ilteşikli öldürilen žurnalistleriň sanynyň geçen ýyl bilen deňeşdirilende rekord derejede pese gaçandygyny, emma uruş zonalarynda işleýän žurnalistleriň ölüminiň artandygyny aýdýar.

Düýbi Nýu-Ýorkda ýerleşýän “Zurnalistleri goramak baradaky komitetiň” 19-njy dekabrda ýaýradan hasabatynda 2016-njy ýylda has az žurnalistiň öldürilendigi mälim edilýär. Şol bir wagtda, raportda şu ýyl uruş suratçysy ýa-da habarçysy bolup işlemek iň ýowuz žurnalistika işine öwrüldi diýilýär.

“Zurnalistleri goramak baradaky komitet” şu ýyl uruş döwründe žurnalistleriň ölmegi 2013-nji ýyldan bäri iň ýokary derejesine ýetdi diýip, muňa esasanda Ýakyn Gündogarda dowam edýän konfliktiň sebäp bolandygyny belleýär.

Hasabatyň netijelerine görä, şu ýylyň 1-nji ýanwaryndan 15-nji dekabryna çenli azyndan 48 žurnalist öz işi bilen ilteşikli öldürildi. Bu görkeziji geçen ýyl 72-ä barabardy.

XS
SM
MD
LG