Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kreml ABŞ bilen dialogyň «doňandygyny» aýdýar 


Dmitriý Peskow
Dmitriý Peskow

Kremliň sözçüsi häzir Birleşen ştatlar bilen dialogyň «doňandygyny» we Moskwanyň saýlanan prezident Donald Trampyň iş başyna geçmegi bilen gatnaşyklaryň çalasyn gowulaşmagyna garaşmaýandygyny aýtdy.

"Birleşen Ştatlar bilen dialogyň tas ähli derejesi doňdy"diýip, Dmitriý Peskow 21-nji dekabrdaMir TV bilen söhbetdeşlikde aýtdy. Ol "Biz bir-birek bilen gepleşmeýäris ýa-da juda az gepleşýäris" diýdi.

Peskow Kremliň Tramp indiki aýda Orsýetiň aladalarynyň iki esasy çeşmesini: NATO-nyň giňelmegini we ýaraglanyşygy güýçlendirmegini, Günbatar döwletleriniň Moskwanyň Ukrainadaky agressiýasy sebäpli girizen sanksiýalaryny çalasyn üýtgeder diýip garaşmaýandygyny aýtdy.

Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin 21-nji dekabrda «sanksiýalar döwletleri bölýär we olaryň umumy bela-betere – terrorçylyga garşy bilelikde göreşmek tagallalarynyň öňüni alýar» diýdi.

Tramp özüniň Orsýet bilen gatnaşyklary gowulandyrmak we onuň bilen «Yslam döwleti» terror toparyna garşy söweş meselesinde işleşmek isleýändigini aýtdy.

ABŞ-nyň döwlet departamentiniň sözçüsi Jon Kirbi Peskowyň gepleşikler «doňdy» diýenine garşy çykdy we «Orsýet bilen diplomatik baglanyşyklaryň giň gerimli meseleler boýunça dowam edýändigini» aýtdy

XS
SM
MD
LG