Ýewropanyň Dikeldiş we ösüş banky (EBRD) Türkmenistandaky hususy pudaga berýän goldawyny çuňlaşdyrýar diýip, AKIPRESS.СOM habar berýär.
Aýdylmagyna görä, bank Türkmenistanyň «Intizar ýürek» atly gaplaýjy kompaniýasyna1 million amerikan dollary möçberinde karz berilmegini gurnaýar.
Bu karz Taýwan halkara hyzmatdaşlyk we ösüş fondunyň hyzmatdaşlygynda berler we 180 müň ABŞ dollary möçberinde köpeldiler.
«Intizar ýürek» Türkmenistanda 2007-nji ýyldan bäri karton öndürýän we gaplaýjylyk bilen meşgullanýan ikinji uly kompaniýa bolup, berilýän karzy täze enjamlary satyn almak, önümçiligi giňeltmek we täze önümleri öndürmek üçin ulanar.
Ей Ынсан! Китай вакцинасынынг тасир етмеги 50% ден хем аз, онгадам хич хили делил йок
1,000 (müň) manat diýýän unuňyzyň bir kilogramy müň manatmy ýa 100 (ýüz) kilogramy? Ýa bir tonnasymy?