Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Assad Aleppony “alandyklaryny” aýdýar


Aleppo. 22-nji dekabr, 2016 ý.

Siriýanyň armiýasy Aleppo şäheriniň gözegçiligini doly ele geçirendigini aýdýar.

Prezident Başal al-Assad muny “aýgytlaýjy pursat” diýip, häsiýetlendirdi. Ol Russiýanyň we Eýranyň eden hemaýatyny hem belläp geçdi.

Russiýanyň harby howa güýçleri ýüzlerçe hüjümleri amala aşyran bolsa, Eýran tarapyndan goldanylýan müňlerçe söweşiji uruş hereketlerine gatnaşdy.

Oppozisiýa şäheriň hökümet güýçleriniň eline geçmegini “uly ýitgi” diýip, atlandyrdylar. “Ahrar al-Şam” oppozisiýa toparynyň wekili Ahmed Korra Ali “Aleppony Eýranyň we Russiýanyň okkupirländiklerini" aýtdy.

2011-nji ýylda hökümetiň demokratik protestleri dargatmagyndan soň ýüze çykan konfliktde 300 müň töweregi adamyň heläk bolandygy çaklanylýar.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG