Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Obama musulman döwletlerinden gelýänleri hasaba almak programmasyny ýatyrdy


ABŞ-ly musulmanlar
ABŞ-ly musulmanlar

Prezident Barak Obamanyň administrasiýasy aglaba musulmanlaryň ýaşaýan 25 ýurdundan ABŞ-a gelýän erkek adamlary hökümetiň ýörite hasabyna almak baradaky düzgüni ýatyrýandygyny mälim etdi.

Bu programma 2011-nji ýyldan bäri ulanylmasa-da, prezidentlige saýlanan Donald Tramp özüniň saýlaw kampaniýasy döwri ýurda girýän musulman migrantlaryň hasaba alynmagy üçin bu düzgüne täzeden garap biljekdigini ýaňzadypdy.

Milli howpsuzlyk giriş-çykyş hasaba alyş Ulgamy 2001-nji ýylyň 11-nji sentýabr hüjümlerinden soň ýola goýulypdy. Bu düzgüne laýyklykda, musulmanlaryň köplük bolup ýaşaýan ýurtlaryndan, şol sanda Siriýadan, Yrakdan we Owganystandan gelýän, 16 ýaşyndan uly erkekler ýörite hasaba durmalydy. Şeýle-de ýurduň içindäki musulman migrantlar hem hasaba durup, öz hereketleri barada maglumat bermelidiler.

21-nji dekabrda Tramp musulmanlary hasaba almak, hatda olary ýurda goýbermezlik baradaky planlaryny ýene bir gezek dile getirdi.

Obama administrasiýanyň ozalky düzgüni ýatyrandygy sebäpli, indiki aý wezipä başlaýan Tramp şular ýaly programmany ýaňadandan başlatmaly bolar.

XS
SM
MD
LG