Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Berlin hüjümini amala aşyrmakda şübhelenýän Italiýada öldürildi


Berliniň roždestwo bazaryna hüjümi amala aşyrmakda şübhelenýän Anis Amri

Berliniň roždestwo bazaryna hüjümi amala aşyrmakda şübhelenýän Anis Amri Italiýanyň polisiýasy tarapyndan Milanyň eteginde atylyp öldürildi.

Amriniň şahsyýeti “şek-şübhesiz tassyk edildi” diýip, Italiýanyň içeri işler ministri Marko Minniti Rimde gurnalan metbugat ýygnagynyň dowamynda aýtdy.

Amriniň ulagy gije sagat üçler töweregi polisiýa tarapyndan, adaty dokument barlagy üçin saklanypdy. Mundan soň, Amri sapança bilen polisiýa tarap ot açyp başlady. Ok atyşlygyň netijesinde Amri öldürildi.

24 ýaşly Amrini ele salmak üçin Ýewropa boýunça gözleg yglan edilipdi. Asly tunisly Amri 19-njy dekabrda Berliniň roždestwo bazaryna ýük ulagyny sürmekde şübhelenýär. Bu hadysada 12 adam ölüp, 48-si hem ýaralanypdy.

Amriniň 2015-nji ýylda Germaniýa girmezinden owal, birnäçe ýyl Italiýada ýaşandygy aýdylýar.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG