Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Owganystan: Resmiler 30 jeňçiniň öldürilendigini aýdýar


Sekiz welaýatda, şol sanda Nangarhar, Uruzgan we Helmand welaýatlarynda reýd geçirildi.

Owganystanyň Goranmak ministrligi howpsuzlyk güýçleriniň ýurt boýunça dokuz sany harby operasiýa geçirip, soňky 24 sagatda azyndan 30 jeňçini öldürendiklerini aýdýar.

Sözçi Mohammad Radmaniş 24-nji dekabrda ol operasiýalaryň, şol sanda howa zarbalarynyň «Talyban» jeňçilerini we «Yslam döwleti» ekstremist topary bilen ilteşikli söweşijileri nyşana alandygyny aýtdy.

Bu reýdler sekiz welaýatda, şol sanda Nangarhar, Uruzgan we Helmand welaýatlarynda geçirildi diýip, sözçi aýtdy.

Howpsuzlyk güýçleri jeňçileriň ok-ýaraglaryny hem tutup aldy diýip, sözçi sözüniň üstüni ýetirdi.

Şu aralykda ýerli resmiler Farah we Zabul welaýatlarynda24-nji dekabrda edilen hüjümler netijesinde birnäçe polisiýa ofiseriniň öldürilendigini, ençemesiniň ýaraly bolandygyny aýtdylar.

«Talyban» jeňçileri Farahdaky howpsuzlyk barlag nokadyna hüjüm edip, azyndan dört sany polisiýa ofiserini öldürdi, dokuzsyny bolsa ýaralady.

Polisiýa başlygy hüjümçileriň barlag nokadyndaky ýaraglary alyp, gaçyp gutulandyklaryny aýtdy.

Zabul welaýatynda bolsa, ýol ýakasyndaky bomba uran maşynda dört ofiser öldi, birisi bolsa ýaralandy diýip, zabul polisiýasynyň başlygy aýtdy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG