Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kabul. Ýaragly adamlar öňki talyban resmisiniň öýüni oka tutdy


Ýaragly adamlar Kabulda helmandly deputatyň öýüne çozup, sekiz adamy öldürdiler.
Ýaragly adamlar Kabulda helmandly deputatyň öýüne çozup, sekiz adamy öldürdiler.

Iki sany ýaragly adam motorly paýtagt Kabulda ozalky «Talyban» lideriniň öýüni oka tutup, azyndan bir adamy öldürdi diýip, owgan mediasy 24-nji dekabrda habar berdi.

Molla Abdul Salam Zaýeef 23-nji dekabr agşamy edilen hüjüm mahalynda öýünde däl eken.

Kabul polisiýasynyň jenaýat derňewleri bölüminiň başlygy Fraidoon Obaidi bu hüjümde howpsuzlyk ofiseriniň öldürilendigini aýtdy.

Ýaragly adamlar wakanyň bolan ýerinden gaçyp gutulypdyr.

«Talybanyň» Pakistandaky ilçisi bolup işlän Zaýeefiň öýüne edilen hüjüm ýaragly adamlaryň Kabulda helmandly deputatyň öýüne çozup, sekiz adamy öldürmekleriniň iki gün soňundan boldy.

XS
SM
MD
LG