Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Hytaý-Orsýet uly ýolunyň gurluşygy başlanýar


Hytaý we rus prezidentleri

Hytaýyň döwlet mediasy 24-nji dekabrda Amur derýasynyň üstünden aşyp, Hytaý bilen Orsýeti birleşdirjek ilkinji uly ýoluň gurluşygyna başlanýandygyny habar berdi.

Bu proýektiň ilkinji gezek teklip edilenine 28 ýyl boldy we ol barada ylalaşyk baglaşylanyna bir ýyldan gowrak wagt geçdi.

Bu plan Hytaýyň serhet şäheri Heýheden gaýdýan we Orsýetiň Blagoweşensk şäherine getirýän 20 km uzynlykdaky köprini hem öz içine alýar.

Hytaý bu desganyň üçden birini, Orsýet bolsa, Amur derýasynyň bärki kenaryndan başlap, köpriniň üçden iki bölegini guramaly.

Geçegçilerden töleg alynmak şerti bilen gurulýan köpriden her ýylda 3 million metr tonna ýük, 1.5 million ýolagçy geçmegine garyşylýar.

Bu köpri 2019-njy ýylyň oktýabrynda gurlup gutarylmaly.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG