Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Pakistan: Ýol heläkçiliginde 10 adam öldi we başga-da ençemesi ýaralandy


Pakistanyň Lahor sebitindäki ümürli howada arabaly we pyýada barýan ýaşaýjylar.
Pakistanyň Lahor sebitindäki ümürli howada arabaly we pyýada barýan ýaşaýjylar.

Pakistanda goýy ümür sebäpli bolan ýol heläkçilikleriniň netijesinde azyndan 10 adamyň ölendigi we başga-da ençemesiniň ýaralanandygy habar berilýär. Bu ýol heläkçilikleriniň 25-nji dekabrda Yslamabadyň günortasyndaky Punjab welaýatynda bolandygy aýdylýar.

Pakistanyň häkimiýetleri Hafizabad sebitinde ümürli howa şertleri sebäpli awtobusyň düňderilendigini we munuň netijesinde alty adamyň ölendigini we başga-da 10 sanysynyň ýaralanandygyny aýtdylar.

Şeýle-de, Multan şäheriniň golaýyndaky Hanewal etrabynda iki ýük ulagynyň we bir awtobusyň çaknyşmagy netijesinde bir adam öldi we başga-da ýedi sanysy ýaralandy.

Faýsalabad şäheriniň golaýyndaky Manawala sebitinde motosiklli bir adamyň ulag bilen çaknyşmagy netijesinde motosikliň sürüjisi heläk boldy, ulagdaky ýolagçylar ýaralandy.

XS
SM
MD
LG