Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Meksika rus ‘Suhoý’ uçarlary bilen ilteşikli 25 reýsini ýatyrdy


Russiýada öndürilen “Suhoý Superjet 100” kysymly uçar.

Meksikanyň “Interjet” howaýollary kompaniýasy özüniň Russiýada öndürilen “Suhoý Superjet 100” kysymly uçarlarynda geçiriljek hökmany howpsuzlyk barlaglary sebäpli käbir reýsleri ýatyrmaly bolandygyny mälim etdi.

23-nji dekabrda Russiýanyň häkimiýetleri özüniň “Suhoý” uçarlarynyň birinde jaýryklaryň emele gelendigini anyklandan soň, ýörite görkezme çykardylar. “Interjet” kompaniýasy özüniň 20-den gowrak “Superjet” uçary bilen Russiýanyň iň uly müşderileriniň arasynda ýerleşýär.

26-njy dekabrda Meksikanyň Sarp edijileriň hukuklaryny goraýan gullugy howpsuzlyk barlaglarynyň netijesinde azyndan 25 reýsiň ýatyrylandygyny we munuň 680-den gowrak ýolagça täsir ýetirendigini aýtdy.

“Suhoý” uçarlarynyň iň uly müşderileriniň biri - Russiýanyň “Aeroflot” howaýollary kompaniýasy hem, planlaşdyrylan ýerli reýsleriň ençemesini ýatyrdy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG