Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Eýranyň oppozision lideri öz partiýasyndaky wezipesinden çekildi


Alty ýyla golaý wagt bäri Eýranda öý tussaglygynda saklanylýan ýokary derejeli oppozision lider Mehdi Karrubi.

Alty ýyla golaý wagt bäri Eýranda öý tussaglygynda saklanylýan ýokary derejeli oppozision lider Mehdi Karrubi öz partiýasynyň baş sekretary wezipesinden çekildi.

Karrubi “Milli ynanç” partiýasyna ýazan hatynda özüniň wezipeden çekilmegini gelýän ýylyň maý aýynda geçiriljek prezident saýlawlarynyň öň ýanynda, bitewüligi goramak tagallasy diýip düşündirdi.

“Meniň [2011-nji ýyldan] bäri dowam edýän ýagdaýymy we munuň haçana çenli dowam etjekdigini bilmeýändigimi nazara alanymyzda, men öz dostlarymdan işden çekilmämi kabul etmeklerini soraýaryn” diýip, “Şargh” atly reformist gazet Karruba salgylanyp habar berdi.

Karrubiniň ogly Hossein Karrubi kakasynyň wezipeden çekilendigini tassyklady.

79 ýaşly Karrubi we Mir Hossein Musawi 2009-njy ýylda geçirilen dawaly prezident saýlawlaryndaky “Ýaşyl hereketiň” liderleridi we reformist dalaşgärlerdi.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG