Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ: Özbegistanly ýük ulag sürüjisi terrorçylykda aýyplanýar


Hurşed Haýdarow

ABŞ-nyň uly ýolunda geçen dynç günlerinde polisiýa garşylyk görkezen we ýol hereketiniň birnäçe sagatlap bökdemegine sebäpkär bolan ýaragly özbegistanly ýük ulag sürüji terrorcylyk howpuny döretmek bilen bagly günäni boýun almakdan ýüz öwürdi.

25 ýaşly Hurşed Haýdarow ABŞ-nyň Missouri ştatynyň Kansas şäheriniň golaýynda uly ýolda dört sagatlap polisiýa garşylyk görkezmeginiň yzýany jogapkärçilige çekildi.

Haýdarow 27-nji dekabrda geçirilen gysga sud diňlenişiginde özüniň günäli däldigini aýtdy we özüne ors dillli terjimeçiniň berilmegini sorady. Häkimiýetler onuň asly özbegistanlydygyny we Filadelfiada ýaşandygyny, biraz iňlisçe gepleýändigini habar berdiler.

Sudýa onuň işi boýunça diňlenişigi 3-nji ýanwara belledi.

Şaýatlaryň aýtmagyna görä, hadysa 23-nji dekabrda ulag duralgasynda ýük ulagda oturan adamyň geçip barýan ulaglary uzyn nilli ýaragyň nyşanyna almagynyň netijesinde ýüze çykypdyr. Emma ol ok atmandyr.

Polisiýa uly ýoluň iki tarapyny ýapdy. Polisiýanyň we ýaragly adamyň arasynda birnäçe sagatlap dowam eden garşylyk häkimiýetleriň ulagyň aýnasyny döwüp, Haýdarowy tussag etmeginiň netijesinde tamamlanypdyr.

Haýdarowyň elindäki ýaragyň pnewmatik tüpeňdigi anyklandy.

Polisiýanyň aýtmagyna görä, Haýdarowyň içgili ýa başga bir serişdäniň täsiri astyna bolandygy anyklanmandyr.

Iň soňky teswirler

New Comments Available
XS
SM
MD
LG