Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Putin Siriýada ok atyşygy bes etmek barada ylalaşyga gol çekilendigini aýdýar


Adamlar Damaskyň etegindäki Douma şäherine howadan edilen hüjümiň netijesinde wepat bolan 18 ýaşly oglanyň jesediniň üstünde aglaýar, 28-nji dekabr, 2016.
Adamlar Damaskyň etegindäki Douma şäherine howadan edilen hüjümiň netijesinde wepat bolan 18 ýaşly oglanyň jesediniň üstünde aglaýar, 28-nji dekabr, 2016.

Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin Siriýanyň hökümetiniň we onuň garşydaşlarynyň tutuş ýurt boýunça ok atyşygy bes etmek barada ylalaşyga gol çekendigini we parahatçylyk ugrundaky gepleşiklere başlamak islegini yglan edendiklerini aýdýar.

Putiniň 29-njy dekabrda aýtmagyna görä, ok atyşygy bes etmek ylalaşygyny berjaý etmek boýunça dokumente hem gol goýlupdyr.

Şol bir wagtyň özünde-de Siriýanyň goşuny söweşleriň bes edilmeginiň gije ýerine ýetiriljegini mälim etdi.

Putiniň çykyşy Türkiýäniň premýer-ministri Mewlut Çawusoglunyň Türkiýäniň we Orsýetiň Siriýada ok atyşygyň bes edilmegine we konfliktiň syýasy çözgüdine degişli dokumenti taýýarlandygy barada aýtmagynyň yzýanyna gabat geldi.

Orsýetiň goranmak ministri Sergeý Şoýgu Orsýetiň we Türkiýäniň Siriýada ok atyşygyň bes edilmegine “güwä geçýändigini” aýdýar.

Orsýet we Türkiýe Siriýada 2011-nji ýylda başlanyp 250 müň adamyň ölümine sebäp bolan uruşda gapma-garşy taraplary goldadylar. Moskwa prezident Assada goldaw berdi, Türkiýe hökümete garşy söweşen gozgalaňçylary goldady.

XS
SM
MD
LG