Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Poroşenko: Rus howpsuzlyk gulluklary kiber-urşuny alyp barýar


Ukrainanyň prezidenti Petro Poroşenko
Ukrainanyň prezidenti Petro Poroşenko

Ukrainanyň prezidenti Petro Poroşenko Russiýanyň howpsuzlyk gulluklarynyň soňky iki aýyň içinde ukrain guramalaryna 6 müň 500 gezek hüjüm edendigini aýdyp, olaryň Ukraina garşy kiber-urşuny alyp barýandygyny belledi.

Şu aýyň dowamynda Ukrainanyň Maliýe we Goranmak ministrliklerine, şeýle-de Döwlet Gaznasyna haker hüjümleri edildi.

Poroşenko: “Geçirilen derňewler Russiýanyň howpsuzlyk gulluklarynyň gönümel ýa-da gytaklaýyn görnüşde biziň ýurdumyza garşy kiber-urşuny alyp barýandygyny görkezýär” diýip, çykyş etdi.

Russiýa haker hüjümleriniň arkasynda durandygy baradaky aýyplamalary inkär edip gelýär.

XS
SM
MD
LG