Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Russiýada Täze ýylda hüjümleri amala aşyrmakçy bolanlar tutuldy


Rus howpsuzlyk güýçleri Dagystanda operasiýa geçirýärler. Arhiwden
Rus howpsuzlyk güýçleri Dagystanda operasiýa geçirýärler. Arhiwden

Russiýanyň howpsuzlyk gulluklary Täze ýyl gijesi “Yslam döwleti” ekstremistiki toparynyň görkezmesi boýunça terror hüjümlerini amala aşyrmakçy bolan ýedi adamy tussag edendigini habar berýärler.

Federal Howpsuzlyk Gullugy, ýagny FSB şübhelileriň Dagystanda saklanandyklaryny aýtdy.

FSB-niň maglumatyna görä, tussag edilenler awtomatiki ýaraglar we partladyjylar bilen adamlaryň üýşmeleňine hüjüm etmekçi bolupdyrlar.

Dagystanda ekstremistler polisiýa we resmilere garşy ýygy-ýygydan hüjümleri amala aşyrýarlar. Olaryň käbirleri “Yslam döwleti” terror toparyna ygrarlydygyny aýtdylar.

2015-nji ýylyň sentýabryndan bäri Russiýa Siriýanyň prezidenti Başar al-Assadyň arkasyny tutup, ol ýerde howa hüjümlerini amala aşyrýar. “Yslam döwleti” toparynyň liderleri Russiýanyň özünde hüjümleri amala aşyryp, ar almak bilen haýbat atypdylar.

Rus resmileri “Yslam döwleti” terror toparyna Russiýadan we Merkezi Aziýadan müňlerçe adamynyň goşulandygyny çaklaýarlar.

Täze ýyl gijesi Moskwada hem howpsuzlyk hüşgärligini ýokarlandyrmak göz öňünde tutulýar.

XS
SM
MD
LG