Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gazagystanda jaýyň ýumrulmagy zerarly 9 adam wepat boldy


Halas edijiler ýaşaýyş jaýyň harabalygynda agtaryş işlerini geçirýärler, Şahan, 2-nji ýanwar, 2016

Gazagystanyň häkimiýetleri paýtagt Astanadan 200 kilometr uzaklykda ýerleşýän Şahan şäherinde ýaşaýyş jaýyň bölekleýin ýumrulmagy zerarly azyndan dokuz adamyň wepat bolandygyny aýtdylar.

Içeri işler ministrligi ýaşaýyş jaýyň 2-nji ýanwarda ýumrulandygyny, emma munuň sebäbiniň anyklanmandygyny habar berdi.

Halas edijiler betbagtçylygyň bolan ýerinde işleýärler. Häkimiýetler pidalaryň sanynyň artmagynyň ähtimaldygyny belleýärler. Binanyň harabalygyndan dört adam, şol sanda iki çaga halas edildi.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG