Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gyrgyzystanlynyň Stambuldaky hüjüme gatnaşygy barlanýar


Stambuldaky hüjümi amala aşyrmakda güman edilýän Gyrgyzystanyň raýatydygy aýdylýan adamyň suraty

Gyrgyzystan Respublikasynyň Milli howpsuzlyk komiteti ýurduň raýatynyň 1-nji ýanwaryň gejesinde Satmbulda bolan terrorçylykly hüjüme gatnaşygynyň ähtimaldygyny barlaýar.

Bu barada Azatlyk Radiosyna edaranyň resmi wekili Rahat Sulaýmanow habar berdi. Onuň sözlerine görä, döwlet komiteti türk kärdeşlerine bu barada degişli maglumatlary ýollapdyr.

Sulaýmanow öz edarasynyň wekilleriniň Türkiýäniň ýörite gulluklary bilen aragatnaşyk saklaýandygyny belledi.Şeýle-de gyrgyz resmisi terrakta sebäpkär bolmagy çak edilýän Gyrgyzystanyň raýatynyň pasportynyň internetde peýda bolan suraty bilen baglylykda hem zerur çäreleriň amala aşyrylýandygyny aýtdy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG