Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýran Türkiýäniň Siriýa boýunça “konstruktiw däl” pozisiýasyny ýazgardy


Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat-wekili Bahram Ghasemi

Eýran Türkiýäniň Tähranyň ýaranlarynyň Siriýada ok atyşygy bes etmek boýunça ylalaşygy bozýandygy baradaky beýannamasyny “konstruktiw däl” diýip atlandyrdy we ýaraşygy bozmakda siriýaly gozgalaňçylary aýyplady.

“Siriýadaky häzirki ýaraşyk hökümete garşy ýaragly oppozision toparlar tarapyndan gaýtalanyp bozuldy” diýip, Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat-wekili Bahram Ghasemi 5-nji ýanwarda aýtdy.

Ghasemi Türkiýäni ylalaşygyň bozulmagyna garşy çäre görmäge we “hakykata gabat gelmeýän pozisiýany eýelemekden” saklanmaga çagyrdy.

Munuň öňüsyrasynda Türkiýäniň daşary işler ministri Mewlýut Çawuşoglu Eýrany Siriýadaky ýaraşygyň bozulmagyny bes etmek üçin Siriýanyň hökümetine we öz ýaranlaryna basyş etmäge çagyrypdy.

Geçen hepdede Ankaranyň we Moskwanyň araçylygynda gelnen ylalaşygyň şu aýyň aýagynda Gazagystanyň paýtagty Astanada geçilmegi planlaşdyrylýan parahatçylykly gepleşiklerde dowam etdirilmegi göz öňünde tutulýar.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG